Habarlar
Türkmenistan «C5+1» sanly innowasiýalar maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary Ý. Gulmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda Astanada geçirilen «C5+1» formatyndaky sanly innowasiýalar maslahatyna gatnaşdy. Çäre Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirildi.
Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem DFC, CRDF Global, CIPE we CLDP ýaly hyzmatdaş guramalaryň wekilleri gatnaşdy.
Hususy pudak we halkara bilermenler jemgyýeti tarapyndan Meta, Oracle, Honeywell Technologies, Wabtec, McKinsey, EPAM, Plug and Play we Alchemist Accelerator ýaly kompaniýalar hem-de guramalar öz tejribelerini we häzirki zaman tehnologik çözgütlerini hödürlediler. Astana maslahaty sanly özgertmeleri diňe tehnologik täzeleniş hökmünde däl, eýsem ykdysady ösüş, maglumat howpsuzlygy we halkara hyzmatdaşlyk bilen gönüden-göni baglanyşykly giň ugur hökmünde ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Maslahatyň gün tertibinde emeli aň we sanly innowasiýalar aýratyn orun eýeledi.
Maslahatyň açylyş dabarasynda türkmen wekiliýeti Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, degişli başlangyçlary durmuşa geçirmek we bu ugurda gazanylan netijeler barada maglumat berdi. Şeýle hem sanly ösüşiň geljekki ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns çekildi.
Gatnaşyjylar bu ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri boýunça hem pikir alyşdylar.