Baş sahypa > Biz barada
Ulgam barada

Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy

About Us

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ykdysadyýete geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, “Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary bilen, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026-2028-nji ýyllar için Döwlet maksatnamasy hem-de maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 5-nji sentýabryndaky 1502 belgili karary bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hem-de elektron hökümetiň işi babatynda ygtyýarly edara diýlip kesgitlendi.

Türkmenistanda Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan, ýurdymyzda X-road platformasy esasynda Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy döredildi.

PEMU — ähli döwlet edaralarynyň awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamynyň ýeke-täk bir bitewi awtomatlaşdyrylan elektron maglumatlar binýatlar ulgamynyň gurşawyna birikmegini üpjün edýän ulgam.

X-road — bu dünýä tejribesine laýyklykda döredilen we halkara derejede giňden ulanylýan platforma bolup, guramalaryň arasynda maglumat alyş-çalşygyny tertipleşdirýär hem-de sanly hyzmatlaryň netijeli işlemegini üpjün edýän ulgam.

X-road-yň esasy funksiýalary:

Howpsuzlyk

X-road ulgamy maglumatlaryň howpsuz geçirilmegini üpjün edip, ygtyýarsyz elýeterliligiň öňüni alýar.

Gizlinlik

X-road ulanyjylaryň şahsy maglumatlarynyň gizlinligini gorap, diňe ygtyýar berlen taraplara elýeterliligi üpjün edýär.

Maglumatlaryň dogrulygy we bitewiligi

X-road maglumatlaryň üýtgedilmezligini we dogrulygyny üpjün edip, olaryň bitewiligini kepillendirýär.

Giňeldip bilmek mümkinçiligi

X-road ulgamy täze hyzmatlary we gatnaşyjylary aňsatlyk bilen goşmaga mümkinçilik berýän giňeldilýän arhitektura eýedir.

CTA Background

PEMU ulgamyna birigiň