
Sanaw
Sanaw bölüminde PEMU-nyň häzirki ýagdaýy boýunça statistiki maglumatlar — gatnaşyjylaryň, birikdirilen podsistemalaryň, howpsuzlyk serwerleriniň, elýeterli hyzmatlaryň we geçirilen maglumatlaryň umumy sanawy görkezilýär.
PEMU-a birikmek üçin yzygiderlik
Şertler bilen tanyşmak
Resmi ýüz tutmak
Seljermek we baha bermek
Şertleri ylalaşmak
Resminamalary taýýarlamak
Tehniki sazlamak we synagdan geçirmek
Ulgama birikdirmek
Ulgamdan peýdalanmak
Biziň gatnaşyjylarymyz

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugy

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugy

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi

Türkmenistanyň Adalat ministrligi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi

Aşgabat şäher häkimligi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türkmenistanyñ "Halkbank" paýdarlar täjirçilik banky

Türkmenistanyň Energetika Ministrligi "Türkmenenergo" Döwlet Elektroenergetika Korporasiýasy "Döwletenergogözegçilik" kärhanasy
Habarlar
Hemmesi
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi wirtual aktiwler bazary üçin torlary döwrebaplaşdyrýar
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi ýurduň wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça işleriniň esasy binýadyna öwrüljek telekommunikasiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň Maýa goýum forumynda (TIF-2026) çykyş eden Aragatnaşyk ministriniň orunbasary Berdimyrat Berdiýew aýtdy.Aragatnaşyk ministriniň orunbasarynyň sözlerine görä, blokçeýn tehnologiýalary we wirtual aktiwler ýaly maliýe gurallaryny ornaşdyrmagyň esasy binýady ýokary öndürijilikli, ygtybarly we howpsuz telekommunikasiýa infrastrukturasydyr. Ol Türkmenistanda «Wirtual aktiwler hakynda» Kanunyň kabul edilendigini we wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek hem-de maýning tehnologiýasyny 2026–2030-njy ýyllarda ornaşdyrmak boýunça «Ýol kartasynyň» tassyklanandygyny ýatlatdy.Berdyýew bu ugurdaky döwlet syýasatynyň birnäçe edaranyň arasynda paýlanandygyny düşündirdi. Merkezi bank maliýe bazaryny düzgünleşdirýär we kripto biržalaryna ygtyýarnama berýär, Energetika ministrligi senagat derejesindäki maýning üçin nyrh we energetika syýasatyny kesgitleýär, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bolsa maliýe monitoringini üpjün edýär.Onuň sözlerine görä, Aragatnaşyk ministrliginiň jogapkärçilik çägine üç esasy ugur girýär: maglumatlary gaýtadan işleýän merkezleri, maýning pullaryny we wirtual aktiwleri alyş-çalyş etmek boýunça ygtyýarly operatorlary ýokary tizlikli aragatnaşyk kanallary bilen üpjün etmek; maliýe torlarynyň möhüm maglumat infrastrukturasyny kiber howplardan we DDoS hüjümlerinden goramagy öz içine alýan maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek; şeýle hem maglumat howpsuzlygynyň we maglumatlaryň özygtyýarlylygynyň standartlaryny berjaý etmek bilen milli maglumat geçiriş torlaryny halkara sanly giňişlige birleşdirmek.Aragatnaşyk ministriniň orunbasary blokçeýn tehnologiýasynyň we wirtual aktiwler bilen geçirilýän amallaryň aragatnaşygyň hiline ýokary talaplary bildirýändigini belledi. Bu ugurda iň pes gijikdirmeler, enjamlaryň bökdençsiz işlemegi we aragatnaşyk kanallarynyň ätiýaçlandyrylmagy aýratyn möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ministrlik süýüm-optiki aragatnaşyk liniýalaryny döwrebaplaşdyrýar, magistral torlaryň geçirijilik ukybyny artdyrýar we häzirki zaman marşrutlaşdyryş enjamlaryny ornaşdyrýar. «Sanly maliýe we finteh ulgamynda işleýän ýerli we halkara maýadarlaryň durnukly hem-de goragly telekommunikasiýa gurşawyna daýanmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär» — diýip, ol aýtdy.Berdyýew kiberhowpsuzlyk meselelerine hem aýratyn üns berdi. Onuň sözlerine görä, ministrlik trafigi gözegçilikde saklaýyş ulgamlaryny güýçlendirmäge, kiberjenaýatçylyga garşy göreş boýunça degişli edaralar bilen hyzmatdaşlyga we öňdebaryjy şifrleme protokollaryny ornaşdyrmaga ilkinji derejeli ähmiýet berýär. «Milli maglumat giňişliginiň howpsuzlygy maýadarlaryň ynamynyň we Türkmenistanyň tutuş maliýe-ykdysady ulgamynyň durnuklylygynyň kepilidir» — diýip, ol nygtady.Aragatnaşyk ministriniň orunbasary hünärmenleri, tehnologiýa kompaniýalarynyň wekillerini we maýadarlary «Türkmentel-2026» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrdy. Ol Aragatnaşyk ministrliginiň konstruktiw dialoga, tehnologik hyzmatdaşlyga we sanly infrastrukturany ösdürmäge maýa goýumlaryny çekmäge açykdygyny belledi.Türkmenistanyň Maýa goýum forumy (TIF-2026) 1–2-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilýär. Oňa 50 döwletden 750-den gowrak wekil gatnaşýar. Forumda energetika we nebithimiýa, ulag geçelgeleri we Hazar sebiti, sanly ykdysadyýet we emeli aň, oba hojalygy işewürligi, syýahatçylyk, şäher infrastrukturasynyň ösüşi we suw serişdeleri ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Туркменистан принял участие в форуме по цифровым инновациям формата «C5+1» в Астане
Делегация во главе с заместителем министра связи Туркменистана Я. Гулмаммедовым приняла участие конференции формата «C5+1», которая состоялась 29 сентября в Астане.Конференция была посвящена вопросам развития цифровых инноваций и их роли в экономическом развитии, сообщает МИД Туркменистана.В работе форума приняли участие руководители и представители профильных государственных органов стран Центральной Азии и Соединённых Штатов Америки, а также партнёрских организаций, включая DFC, CRDF Global, CIPE и CLDP.В качестве представителей международного экспертного сообщества в форуме приняли участие представители таких компаний и организаций, как Meta, Oracle, Honeywell Technologies, Wabtec, McKinsey, EPAM, Plug and Play и Alchemist Accelerator. Участники рассматрели вопросы обеспечения безопасности и надёжности передовых технологий, основные направления и приоритеты цифровизации и развития искусственного интеллекта, а также перспективы дальнейшего взаимодействия и укрепления партнёрства в данных сферах.В ходе открытия конференции туркменская делегация проинформировала участников о проводимой в Туркменистане работе по развитию цифровой экономики и внедрению современных цифровых технологий, реализуемых инициативах и достигнутых результатах, а также обозначила перспективные направления дальнейшего развития данной сферы.

Türkmenistan we sebitiň ýurtlary ABŞ bilen emeli aňyň, maglumat merkezleriniň we sanly hyzmatlaryň ösüşini maslahatlaşýarlar
30-njy sentýabrda Astanada Emeli aňyň (EA) ösüşine we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan) hem-de ABŞ-nyň arasyndaky sanly hyzmatdaşlyga bagyşlanan «C5+1 SI Conference» maslahatynyň ikinji güni geçirilýär. Forum 29-njy sentýabrda «Hilton Astana» myhmanhanasynda açyldy we döwlet edaralarynyň, tehnologiýa kompaniýalarynyň we hünärmenleriň wekillerini bir ýere jemledi.Maksatnama laýyklykda, birinji günde gatnaşyjylar emeli aňyň we sanly infrastrukturanyň ösüşini, EA ulgamyndaky milli strategiýalary, sanly özgerişleri hem-de howpsuz aragatnaşygy, şeýle hem emeli aňyň oba hojalygynda, energetikada, logistikada we möhüm minerallar pudagynda ulanylyşyny maslahatlaşdylar.Ikinji gün sanly ykdysadyýet üçin hünärmenleri taýýarlamaga, EA-startaplara, wençur maýa goýumlaryna hem-de uniwersitetleriň we barlag merkezleriniň hyzmatdaşlygyna bagyşlanýar. «Silkroad Innovation Hub» we MIT-niň aýratyn sessiýasy Merkezi Aziýanyň emeli aňyň ornaşdyrmaga taýýarlygyna seredip geçýär. Şeýle hem gün tertibinde serhetüsti maglumat çalşygy we sanly söwda bar. Maslahat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýet baştutanlarynyň ileri tutulýan ugurlar we geljekki ädimler baradaky çekişmesi, şeýle hem sebitiň we ABŞ-nyň emeli aň hem-de täze tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky sessiýa bilen tamamlanar.Tehnologik ileri tutulýan ugurlar ykdysady hyzmatdaşlyk babatda «C5+1» Bilelikdäki beýannamasynda berkidildi. Resminama IT-startaplary goldamagy, EA boýunça barlaglarda we bilimde hyzmatdaşlygy, sanly hyzmatlary, telekommunikasiýa infrastrukturasyny we maglumatlary işlemek merkezlerini ösdürmegi göz öňünde tutýar.«C5+1» formaty 2015-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýa we ABŞ-nyň arasynda ykdysadyýet, howpsuzlyk we sebitara özara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça dialog meýdançasy hökmünde hereket edýär.

«Türkmenpoçta» ýatladýar: aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleri öz wagtynda geçirmegi unutmaň
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýurduň ýaşaýjylaryna aragatnaşyk hyzmatlary üçin — öýjükli aragatnaşyk, internet, telewideniýe, şeýle hem «Belet», «Älem TV» we IP-telefoniýa üçin tölegleri öz wagtynda geçirmelidigini ýatladýar. Muny poçta bölümlerinde, şeýle hem öýden çykmazdan — «ÇaparPay» ykjam goşundysynyň üsti bilen amala aşyryp bolýar.«ÇaparPay» näme?«ÇaparPay» — jemagat hojalygy töleglerinden we PÝGG-niň jerimelerinden başlap, awia we demir ýol peteklerine çenli gündelik hyzmatlaryň ähli görnüşlerini diýen ýaly bir ýerde jemleýän «Türkmenpoçta» kompaniýasynyň hyzmatydyr. Ykjam goşundy «Google Play» we «App Store» platformalarynda ýüklemek üçin mugt elýeterlidir — gözleg meýdançasynda «ÇaparPay» diýip ýazmak ýeterlikdir.Goşundynyň esasy mümkinçilikleri:jemagat hojalygy hyzmatlary üçin tölegleri geçirmek;PÝGG-niň jerimelerini barlamak we tölemek;ýurt boýunça öý telefonlarynyň tölegini geçirmek;öýjükli aragatnaşyk, internet we telewideniýe (Altyn Asyr, Älem TV), şeýle hem «Belet» we «Belet Music» hyzmatlarynyň töleglerini geçirmek;«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň awiapeteklerini we demir ýol peteklerini satyn almak;göni ykjam goşundynyň içinden «Altyn Asyr» USSD-haýyşnamasyny ugratmak — balansy barlamak, hasaby doldurmak, jaň sazyny gurnamak;poçta ýollamalaryny yzarlamak we çapar çagyrnak;«Ekitap», «Hiňlen» we «Aýdym.com» hyzmatlary üçin töleg geçirmek.Ykjam goşundy ýurtda hereket edýän ähli bank kartlaryny goldaýar, şunuň bilen birlikde, kartlaryň maglumatlary goragly görnüşde saklanýar — bu bolsa her täze tölegde kart maglumatlaryny gaýtadan girizmek zerurlygyny aradan aýyrýar.Näme üçin öz wagtynda tölemek möhüm?Aragatnaşyk hyzmatlarynyň tölegini öz wagtynda geçirmek öýjükli aragatnaşygyň, internetiň we TV-bukjalaryň öçürilmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýär. «ÇaparPay» arkaly muny poçta bölümlerinde nobatda durmazdan — islendik wagtda we islendik ýerde amala aşyryp bolýar.
Köp soralýan soraglar
PEMU näme?
−PEMU — ähli döwlet edaralarynyň awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamynyň ýeke-täk bir bitewi awtomatlaşdyrylan elektron maglumatlar binýatlar ulgamynyň gurşawyna birikmegini üpjün edýän ulgam.

