Habarlar

Aşgabatda ykdysady innowasiýalar boýunça maslahat geçirildi
Ykdysadyýet toplumynyň mejlisler zalynda «Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurduň maliýe we ykdysadyýet toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berdi.Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Türkmenistan DÖM-niň aýry-aýry görkezijilerine ýetmek boýunça ýokary netijeleri gazandy we ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge, sanly ulgamy ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de onuň netijelerini ýeňilleşdirmek, daşky gurşawy goramak, ykdysady syýasatyň durmuş ulgamyna gönükdirilen, raýatlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagy we döwletiň gülläp ösmegini göz öňünde tutýan ugruny çuňlaşdyrmak boýunça çäreleri geçirmegi işjeň dowam etdirýär.Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hem-de daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek, gurluşyga, ulag ulgamyna, maglumat tehnologiýalaryna, telekommunikasiýalara aýratyn üns bermek bilen, täze taslamalary durmuşa geçirmek ykdysady syýasatyň strategik ugry bolup durýar.Ylmy-amaly maslahatdaky çykyşlarda milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňe sürlen başlangyçlaryň çäklerinde amala aşyrylýan maliýe özgertmeleriniň bank ulgamynyň berk binýadyny döretmäge, ýurtda ykdysady durnuklylygy berkitmek arkaly türkmen ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge uly ýardam berýändigi aýratyn nygtaldy. Ylmy-amaly maslahatda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde blokçeýn, maliýe tehnologiýalary, bulutlaýyn hasaplamalar we zatlaryň interneti (IoT) ýaly innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, ýurrda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda ykdysadyýetde täze pudaklar, bazarlar, dolandyryş usullary peýda bolýar.

Türkmenistanda optiki-süýüm kabelleri öndürýän önümçilik desgasy gurlar
2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Seul şäherinde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň «LS Cable & System Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.Bu resminama iki tarapyň arasynda telekommunikasiýa we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynda uzak möhletleýin hem-de ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de giňeltmäge gönükdirilendir. Resminama laýyklykda, taraplar Türkmenistanda optiki-süýüm kabel önümçiligini ýola goýmak we degişli tehniki goldawy bermek, şeýle hem telekommunikasiýa magistralynyň we infrastrukturanyň gurluşygy boýunça bilelikde iş alyp bararlar. Ähtnamanyň esasynda durmuşa geçiriljek bilelikdäki taslamalar Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaryna, şeýle hem ýurduň halkara telekommunikasiýa magistrallaryndaky eýeleýän strategik ornuny berkitmäge uly goşant goşar.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi internet saýtlaryna bildirilýän tehniki talaplary täzeledi
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi internet web-saýtlaryny döretmek we işe girizmek üçin bir bitewi tehniki talaplara üýtgetmeler girizdi. Degişli buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alyndy.Girizilen üýtgetmeler häzirki talaplaryň birnäçe böleklerine, şol sanda web-saýtlary kiberhowplardan goramak meselelerine, maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgalaryny almak tertibine we web-saýtlaryň dolandyryş bölümleri bilen işlemegiň kadalaryna degişlidir.Üýtgetmeleriň doly teksti bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web-saýtynda tanşyp bolar.

«Sanly çözgüt — 2026» bäsleşigine gatnaşyjylara arzalary bermegiň möhletleri ýatladylýar
Türkmenistanda «Sanly çözgüt — 2026» atly innowasion taslamalaryň we startaplaryň her ýyl geçirilýän bäsleşigine arzalaryň kabul edişligi dowam edýär. Aragatnaşyk ministrligi ýaş programmistlere, işläp düzüjilere we oýlap tapyjylara öz sanly çözgütlerini hödürlemek hem-de baýrakly orunlar üçin bäsleşmek mümkinçiligini ýene bir gezek ýatladýar.Gatnaşyjylar üçin ahyrky möhlet — 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabry. Aragatnaşyk ministrligi bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalary we taslamalary şu senä çenli kabul edýär. Arzalary bäsleşigiň ýörite elektron platformasy arkaly elektron görnüşde tabşyryp bilersiňiz.Şu ýyl taslamalar ýedi ugur boýunça kabul edilýär: emeli aň, robototehnika we awtomatlaşdyrma, «akylly» oba hojalygy tehnologiýalary, Smart City, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk, şeýle hem hyzmatlar ulgamy.Bäsleşige hem özbaşdak işläp düzüjiler, hem-de düzüminde 3 adama çenli bolan toparlar çagyrylýar. Hödürlenýän taslamalar ýurduň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak wezipelerine doly gabat gelmeli we hödürlenýän tehnologik çözgütleriň amaly bähbitlerini aýdyň görkezmeli.Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan 2020-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu bäsleşik IT ulgamynda ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, innowasion işläp taýýarlamalary goldamaga hem-de täze startaplary ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bäsleşik bu ýyl Türkmenistanda 2026 – 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda geçirilýär.«Sanly çözgüt — 2026» bäsleşiginiň jemlerini Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmentel — 2026» halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde jemlemek göz öňünde tutulýar. Dürli ugurlar boýunça ýeňiji bolanlara diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.Şeýlelikde, ýaş işläp düzüjiler üçin öz taslamalaryny resmileşdirmek we Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmäge gönükdirilen geljegi uly sanly ideýalary hem-de amaly çözgütleri birleşdirýän bu bäsleşige gatnaşmaga ýetişmek üçin juda az wagty galdy.

«Türkmenpoçta» Çapar Pay ykjam hyzmatyny ösdürýär
Ýaňy-ýakyna çenli suw üçin tölegi tölemek ýa-da otla bilet almak kassada nobata durmagy we azyndan ýarym sagat wagtyňy ýitirmegi aňladýardy. Häzirki wagtda bolsa bularyň ählisini smartfondaky ýeke-täk goşundynyň kömegi bilen amala aşyryp bolýar.Bu ýerde gürrüň Çapar Pay — «Türkmenpoçta» döwlet poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän hyzmaty barada barýar. Bu goşundy Google Play we App Store platformalarynda mugt elýeterlidir. Ony tapmak üçin gözleg setirine «ÇaparPay» diýip ýazmak ýeterlik.Bu goşundy arkaly şu hyzmatlardan peýdalanmak bolýar:jemagat hyzmatlarynyň töleglerini tölemek;Ýol gözegçiligi gullugynyň jerimelerini barlamak we tölemek;ýurduň ähli künjeklerinde şäher telefon hyzmatlarynyň tölegini geçirmek;öýjükli aragatnaşyk, internet we teleýaýlym hyzmatlarynyň (Altyn Asyr, Älem TV) töleglerini tölemek, şeýle hem «Belet» we «Belet music» hyzmatlaryna ýazylmak;«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçar biletlerini, şeýle-de demir ýol biletlerini satyn almak;Altyn Asyr üçin USSD-sargytlary — balansy barlamak, hasaby doldurmak, jaň edilende eşidilýän sazy çalyşmak;poçta ýollamalarynyň hereketini yzarlamak we çapary sargyt etmek;Ekitap, Hiňlen we Aýdym.com hyzmatlarynyň töleglerini geçirmek.Bu hyzmatda ýurtda ulanylýan ähli bank kartalary goldanylýar. Kart maglumatlary goragly görnüşde saklanýandygy sebäpli, gaýtadan töleg geçirmek hem çalt we amatly bolýar.Ulanyjylar goşundynyň düşnükli interfeýsini we tölegleriň çalt amala aşyrylýandygyny belleýärler. Esasan hem işi köp adamlar we maşgalalar üçin bu diňe bir amatlylyk bolman, eýsem öň dürli edaralara baryp geçirmek zerur bolan wagty ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berýär.«Türkmenpoçta» ulanyjylaryň pikirlerini we tekliplerini nazara alyp, Çapar Pay hyzmatyny geljekde-de ösdürmegi meýilleşdirýär.

«Daşoguztelekom» kärhanasynyň ýokary tizlikli internetinden peýdalanýanlaryň sany 91 müňden geçdi
«Daşoguztelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasy welaýatyň çägindäki döwlet we hususy edara-kärhanalara, şahsy hojalyklara telefon, internet, kabelli telewideniýe nokatlaryny gurnamak, elektrik aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.Kärhana geçen ýylyň dowamynda welaýatyň çäginde telefon nokatlarynyň 16 müň 447-sini oturdan bolsa, 2026-njy ýylyň ýedi aýynda 7 müň 639 telefon nokatlary gurnaldy. Diňe iýul aýynyň özünde welaýat boýunça gurnalan telefon nokatlarynyň sany 1 müň 287 nokat artdy. Netijede, welaýat boýunça kärhananyň telefon hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderileriň sany 127 müň 520-ä ýetdi.Kärhanada ýokary tizlikli internet ulanyjylarynyň sanyny ep-esli artdyrmak, internet hyzmatynyň gerimini giňeltmek boýunça hem önjeýli işler ýerine ýetirilýär. Muny iýul aýynyň dowamynda welaýat boýunça 2 müň 138 sany internet nokadynyň ýokary tizlikli internet ulgamyna birikdirilendiginden hem görmek bolýar. Bellenilen döwürde internet hyzmatyna birikdirilen nokatlaryň sany 9 müň 157-ä ýetdi. Şeýlelikde, welaýat boýunça kärhananyň ýokary tizlikli internet hyzmatyndan peýdalanýan müşderileriniň sany 91 müň 125-e ýetdi.Habarda bellenilişi ýaly, welaýatyň etrapdyr şäherlerinde, oba ýerlerinde aragatnaşyk hyzmatynyň gerimi giňeldilýär, ýokary tizlikli internet beketleri oturdylýar.

«Türkmenpoçta» TMDrops hyzmatynyň üsti bilen halkara onlaýn söwdasyny ösdürmegini dowam etdirýär
Aşgabatdan çykman, «Adidas» krossowkalaryny, «Zara» köýneklerini ýa-da «Amazon» internet dükanyndan dürli elektron enjamlary sargyt etmek indi geň zat däl, häzirki döwürde bu gündelik durmuşyň bir bölegine öwrüldi. «Türkmenpoçta» TMDrops hyzmatynyň üsti bilen halkara onlaýn söwdasyny ösdürmegini dowam etdirýär. Bu hyzmat birnäçe aý bäri ýurduň ýaşaýjylaryna «Amazon», «eBay», «Zara», «Victoria's Secret», «H&M», «Mango» we beýleki iri daşary ýurt internet dükanlaryndan haryt satyn alyp, olary göni Türkmenistana eltip bermäge mümkinçilik döredýär.Hyzmatdan peýdalanmak we maglumatlar goldawy öňküsi ýaly türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde elýeterlidir.Egin-eşik, aýakgap, elektronika, durmuş tehnikasy we beýleki harytlar üçin eltip bermek bahasyny hasaplamak, şeýle hem dürli görnüşli önümleri daşamagyň şertleri bilen TMDrops platformasynda tanşyp bolýar.Goşmaça maglumatlary 075 belgili goldaw gullugynyň telefon belgisine jaň edip, alyp bilersiňiz.

Делегация из Туркменистана приняла участие в консультативном совещании по цифровому коридору CAREC в Исламабаде
29-30 июля 2026 года делегация Министерства связи Туркменистана приняла участие в консультативном совещании по цифровому коридору Программы Центральноазиатского регионального экономического сотрудничества (CAREC), состоявшемся в Исламабаде.В работе консультативного совещания приняли участие федеральный министр информационных технологий и телекоммуникаций Пакистана Шаза Фатима Хаваджа, директор Представительства Азиатского банка развития в Пакистане Эмма Фан, а также делегации девяти стран-членов CAREC, включая высокопоставленных представителей государственных органов, операторов связи, регулирующих ведомств, международных организаций, партнёров по развитию и технических экспертов.В ходе обсуждений представители Туркменистана подтвердили приверженность страны дальнейшему развитию регионального экономического сотрудничества, продвижению цифровой трансформации и реализации совместных инициатив, направленных на повышение взаимосвязанности государств региона.Туркменская сторона подчеркнула важность формирования современного цифрового пространства CAREC как одного из ключевых факторов устойчивого экономического роста, расширения трансграничных цифровых услуг и укрепления региональной интеграции.Представители Туркменистана также ознакомили участников форума с проводимой в стране масштабной работой по модернизации телекоммуникационной инфраструктуры, развитию цифровых государственных услуг и внедрению современных цифровых решений, в том числе в системе здравоохранения.

Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2026» atly bäsleşige arzalar kabul edilýär
Türkmenistanda ýaş programmaçylary, işläp düzüjileri we oýlap tapyjylary goldamaga gönükdirilen «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion taslamalar we startaplar bäsleşigine arzalaryň kabul edilmegi dowam edýär. Gatnaşyjylar milli ykdysadyýeti ösdürmegiň we ýurduň sanly özgertmelerini ilerletmegiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän sanly çözgütlerini ýedi ugur boýunça hödürläp bilerler.Bäsleşik 2020-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan ýurduň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirilýär. Onuň esasy maksady ýaşlary döwrebap programma üpjünçiligini, innowasion işläp taýýarlamalary we tehnologik çözgütleri döretmäge höweslendirmekden ybaratdyr.Däp bolşy ýaly, bäsleşige mekdep okuwçylary, talyplar hem-de ýaş hünärmenler özleriniň sanly taslamalary bilen gatnaşýarlar. Şu ýyl bäsleşik ýedi esasy ugry öz içine alýar. Olar emeli aň, robototehnika we awtomatlaşdyryş, akylly oba hojalygy tehnologiýalary, Smart City konsepsiýasy, sanly bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk, şeýle hem döwrebap hyzmatlar ulgamyndaky sanly çözgütlerdir.Hödürlenen taslamalara ýörite döredilen bilermenler topary tarapyndan baha berler. Bäsleşigiň jemleri we ýeňijileriň atlary ýylyň ahyrynda däp bolşy ýaly geçirilýän «Türkmentel – 2026» halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde dabaraly ýagdaýda yglan ediler.Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar elektron görnüşde telecom.tm resmi internet portaly arkaly we mincom.gov.tm kabul edilýär. Bu portalda ýaş işläp düzüjiler we innowasion pikirleriň awtorlary hasaba alnyp, öz taslamalaryny hödürläp bilerler.

Türkmenistanda ulag-aragatnaşyk toplumynyň ýedi aýdaky işleriniň jemleri jemlenildi
Düýn Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda şu ýylyň ýanwar–iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi.Ministrligiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ulag-aragatnaşyk toplumynda ýerine ýetirilen işleriň we edilen hyzmatlaryň ösüş depgini 114 göterime deň boldy — diýlip, maslahatda bellenildi.Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamalaryň ösüş depgini 103,6 göterime, ýolagçy gatnatmalarynyň ösüş depgini bolsa 102,4 göterime ýetdi.Hasabat döwründe Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça 118,8 göterime, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy boýunça 118,5 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 102,1 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,5 göterime deň boldy.